Ýylyň şygary — köňülleriň kelamy

Agzybir halkymyz beýik özgertmeler, ýatdan çykmajak şanly wakalar bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her täze ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilýär. Türkmen halky döwletimize şan-şöhrat getirjek 2024-nji ýyla — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny has belende göterip, beýik döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.

Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy barha beýgelýär. Muny tutuş türki dünýäde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçmegi, geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşulmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem doly tassyklaýar.

Döwletgeldi BADAGLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok