Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilenine 32 ýyl dolýar!

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilenine 32 ýyl dolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky karar biragyzdan goldanyldy.

Bu arzyly hem şanly sene Türkmenistanyň halkara syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, hojalyk-hukuk giňişligine goşulyşmagyna badalga berdi. Taryhy waka dünýäniň iň uly we täsirli guramasy bolan BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň ählumumy abadançylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak baradaky çagyryşlaryna Türkmenistanyň seslenmäge taýýardygyny aýan etdi.

Garaşsyz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly hem jogapkär agzasy hökmünde halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşmagyny, dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna, döwrebap täzeçilliklerine çuňňur aralaşmagyny, umumadamzat siwilizasiýasyna mynasyp goşant goşmagyny şertlendirdi.

Milletler Bileleşiginiň agzalygyna saýlanan gününden bäri Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamasynyň hem-de esas goýujy konwensiýalarynyň kadalaryna ygrarly bolmagynda galýar. Daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklarda açyklyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik däplerine eýerýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlarda işjeňlik görkezmek bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny pugta berjaý edip gelýär.

Orazgözel HABYDYLLAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok