Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýäniň Antalýa şäherine bardy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherine bardy. Saparyň maksady tutuş dünýäde ýylyň iri diplomatik wakalarynyň biri hasaplanýan 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr.

Irden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylan Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Antalýa welaýatynyň häkimi, türkiýeli işewürler, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we beýleki adamlar garşyladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş sapary dowam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok