Türkmen diplomatlarynyň halypasy

Her gezek halypanyň iş otagynyň ýanyndan geçenimde bir zada haýran galýaryn. Ol iş stolunyň üstündäki kompýuterde bir zatlar ýazyp otyr, garaz ony birnäçe işler gümra etýär. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan,  halypa täze zatlaryň gözleginde. Pikirler ummanynda gaýmalap ýören wagtyň “Munça güýç-gaýrat nireden gelýär” diýen tolkun bilen zol-zol çaknyşýarsyň. Muňa guýmagursak zehin diýjekmi ýa-da baryp ýatan talant. Meniň pikirimçe, Amangeldi Rahmanowa bularyň ikisi hem Hak taraypyndan bollugy bilen eçilinipdir.

1944-nji ýylyň 25-nji iýulynda sapaly Murgap derýasynyň kenarynda, beýik-beýik pirleriň ýaşap geçen mekany, Hydyr gören Mary topragynda “Amangeldi” atly oglanjyk dünýä indi. Oňa goýlan at  hem ýöne bir at däldi. Pederiniň Watan öňündäki borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sag aman Watanyna dolanyp gelendigi bilen baglanyşyklydy. Körpeje Amangeldiniň ol doglanda entek döremedik, geljekde abraýly halkara guramada öz perzentleriniň ata Watanyndan ilkinji bolup işlejekdigi belki, onuň käbesidir kyblasy pikir hem eden däldirler…

Durmuş ýetginjek Amangeldini özüniň geljekki hünäri boýunça dürli ugurlary öwrenmeklige iterýär. Amangeldi Rahmanow 1961-nji ýylda öňki Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) çet ýurt dilleri fakultetine okuwa kabul edilýär. Oba oglanydyga garamazdan, özüne näbelli daşary ýurt dilini oňat özleşdirýär. 1967-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan talyplaryň arasynda tamamlamak miýesser etýär. Ýaş hünärmen 1970-nji ýyllaryň ortalaryna çenli şol wagtky SSSR-iň “Sputnik” atly halkara ýaşlar syýahatçylyk guramasyna Türkmenistan boýunça wekil wezipesinde işledi.

Amangeldi Rahmanow 16 ýylyň dowamynda (1975-1991ý.)  TSSR-iň daşary syýasy edarasynyň baştutanynyň wezipesinini ýerine ýetirdi, 14 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda (ABŞ, Nýu-Ýork şäheri ), Hytaý Halk Respublikasyda (Pekin şäheri), Koreýa Respublikasynda (Seul şäheri) Türkmenistanyň adyndan ýolbaşçylyk etdi, 16 ýylyň dowamynda bolsa Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri wezipesinde işleýär.

Galyberse-de Amangeldi Rahmanow filosofiýa ylymlarynyň kandidatydyr, taryh ylymlarynyň doktorydyr, professordyr, SSSR-iň we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentleri tarapyndan ömürlik dakylan “Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil” (1991ý.), “Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçi” (1993ý.) ýaly ýokary diplomatik derejeleriň eýesidir. Türkmenistanyň ussat diplomatydyr. Şunlukda, Türkmnen diplomatlarynyň halypasynyň diplomatiýanyň üç ugry boýunça alyp baran diplomatik we ylmy-pedagogik işiniň her bir ugruny gazet sahypalarynda beýan etmek däl, eýsem ony beýan etmekde tom-tom kitaplaram agsyn geler. Şonuň üçin hem halypamyzyň döredijiliginiň üçinji döwri barada, ýagny Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine gelip, bitiren işleri,  ýazan gollanmalary, baý durmuş tejribesini öwrenmek, ony beýan etmek biz geljekki halkaraçy hünärmenleriň borjudyr.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň açylmagy bilen halypa ömrüniň galan bölegini institutymyzyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasyna ýolbaşçylyk etmäge bagyşlady.  Amangeldi Rahmanow diplomatik gulluga gelen ilkinji günlerinden amaly diplomatiýanyň durmuşa geçirilmegini we häzirki zaman dünýäsiniň ösüşiniň, şeýle hem halkara gatnaşyklaryň düýpli meselelerini ylmy taýdan işläp taýýarlamagy utgaşdyryp başaran ilkinji türkmen diplomatydyr. Has takygy, ol halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň meseleleri boýunça Türkmenistanda, daşary ýurtlaryň abraýly neşirýatlarynda çap edilen 20-den gowrak monografiýalarynyň, kitaplarynyň we kitapçalarynyň, 200-den gowrak ylmy eserleriň awtorydyr. Ussat diplomat   diňe bir halypalyk etmek bilen çäklenmän, institutda okuw meýilnamasynyň esasy dersleri boýunça okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlamak boýunça hem işjeň iş alyp bardy we olaryň häzirki zaman ylmynyň we diplomatik tejribesiniň talaplaryna doly laýyk gelmegi üçin özüniň tagallalaryny gaýgyrmady. “Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň we diplomatiýasynyň ylmy esasda ösüşi” atly institutyň umumy temasynyň çäklerinde hormatly halypamyz tarapyndan taýýarlanylan “Diplomatik gullugyň esaslary”, “Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy”, “Diplomatik wekilhanalar we habar-seljeriş-düşündiriş işi ”, “Türkmenistan – Hytaý: taryh we häzirki döwür”, “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhy (1917-2016)”  ýaly düýpli, ýokary hilli okuw we ylmy kitaplary diňe bir Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şu ýerde şeýle hem häzirki zaman dünýäsiniň bilimleriniň örän çalt täzelenip  durmagy bilen tapawutlanýandygyny we şunlukda, talyplaryň öňdebaryjy dünýä bilimlerini öz wagtynda ele almaklary üçin halypanyň ozal neşir edilen kitaplaryny täzeden işlemegiň üstünde irginsiz zähmet çekýändigini aýratyn belläsim gelýär.

Talyplary hünär taýdan taýýarlamagyň derejesiniň ýokarlanmagyna  daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary, ylmy merkezleri bilen işjeň aragatnaşyklaryň ösdürilmegi ýardan edýär. Şeýle gatnaşyklaryň alnyp barylmagy daşary ýurtly alymlar bilen talyplary okatmaklygyň täze usullary, okuw maksatnamalaryny düzmek, talyplaryň tejribeligini guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkiçilik berýär. Tejribeli diplomat, taryhçy alym, halypa mugallym hökmünde Amangeldi Rahmanow bu gün uly abraýa eýe. Ol hormatly Gahryman  Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek boýunça diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlarda hem  netijeli işleri alyp barýar. Hindistanyň Jawaharlal Neru adyndaky uniwersitetinde, Pakistanyň “COMSATS” Maglumat tehnologiýalary institutynyň Syýasaty öwreniş merkezinde, Beýik Britaniýanyň Kembriji uniwersitetinde, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara ylmy-barlag institutynda, Türkiýäniň Stambul, Marmara uniwersitetlerinde, Moskwanyň ynsanperwer uniwersitetinde, Hytaýyň häzirki zaman gatnaşyklary akademiýasynda Türkmenistanyň daşary syýasatyna we diplomatiýasyna bagyşlanan leksiýalar bilen iňlis dilinde suwara juda täsirli çykyş etdi. Halypanyň durmuşynda juda täsirli çykyşlar az däl. Mysal hökmünde getirsek, 2013-nji ýylyň mart aýynda  Türkmen diplomatiýasynyň Milli mekdebinde halkara derejesinde “Geçmişden geljege: Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda diplomatiýa” atly ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Arkadagymyzyň gatnaşyjylara gutlagy okalandan soň, Amangeldi Rahmanowiçe ilkinji çykyş etmek miýesser etdi. Çykyşda alymyň daşary syýasat meselesinde örän  möhüm,  iňlis dilinde erkin we suwara  temany açyşy ähli ylmy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan ör tutup,  jowhunly el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylandy. Bu ylmy maslahatda Beýik Britaniýanyň wekili professor Şirin Akineriň hem öz çykyşynyň ýarsyny türkmen diplomatiýasynyň “ilkinjisiniň” döredijiligine bagyşlamagy, türkmen diplomatiýasynyň nä derejede arşa galandygyny, oňa nähili sarpa goýulýandygyndan nyşan.

2010-njy 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly ýygnaklar zalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň umumy ýygnagy bolup geçdi. Oňa Daşary işler ministrliginiň işgärleri, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary  institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.Ýygnakda Amangeldi Rahmanowiç “Türkmen diplomatlarynyň halypasy” diýip yglan edildi. Alym hökmünde ussat mugallymyň şägirtleri az däl. Mysal üçin, halypanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangelidýew “Beýik Seljuk  imperiýasynyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlady,   Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew  taryh ylymlarynyň doktory alymlyk derejesini , şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew  taryh ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejeleri aldylar.

Ussat diplomatdan  şägirtleri barada soralanda,  onuň birnäçe ýokary wezipelerde zähmet çekýän şägirtleriniň bardygyna garamazdan, ilkinji bolup biz – talyplary görkezmegi biz geljekki halkaraçy hünärmenleriň başymyzy göge ýetirdi. Şu ýerden hem onuň nähili pespäl adamdygyny duýmak bolýar. Bize dünýä belli syýasatçy, meşhur alym, diplomat  Amangeldi Rahmanowyň biziň halypamyzdygyna diýseň begenýärin. Halypanyň her bir altyna gaplaýmaly sözi biz ýaşlar üçin tapylgysyz bir hazynadyr, bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr. Amangeldi Rahmanowyň manyly, baý durmuş ýoly, onuň tejribesi diňe bir halkara gatnaşyklarynda zähmet çekjek geljekki halkaraçy hünärmenlere däl, eýsem bütin türkmen ýaşlaryna – geljekki ata Watanymyzyň wepaly eýelerine nusgalyk ýoldur, hemişelik ugur görkezijidir.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz  özüniň  pähim paýhasa ýugrulan  “Ömrümiň manysynyň dowamaty ” atly kitabynda “Ata babalarymyzda  öz bileniňi özgelere-de  öwretmek, ýörite ussatlary ýetişdirmek parz saýylypdyr. Halypa hormatly peder sarpasy deýin belent tutulypdyr. Şägirt, okuwçy öz perzendiň deýin eý görlüpdir. Şeýdibem, halypa – şägirtligiň durmuş mekdebi döredilipdir ” diýip örän ýerlikli belläp geçýär. Amangeldi Rahmanowyň ýokarda bellenip geçilen ganatly sözleri özüne ýörelge edinip, biz talyplar  üçin edýän tagallasy bimöçberdir. Goý, halypanyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby .

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok