“ForOurPlanet” taslamasynyň çäklerinde “ýaşyl” oýunlar guralar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda “ýaşyl” oýunlary gurar.

Ekologiýa çäresi 3-nji martda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň meýletinçileriniň we ekologiýa babatda işjeň agzalaryň gatnaşmagynda geçiriler. Gatnaşyjylar tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanşyp, “Agama” alpinistler klubynyň agzalaryndan ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny öwrenerler. Ekologiýa çäresi hapa galyndylary ýygnamak, durnukly ösüş üçin “ýaşyl” taslamalary taýýarlamak boýunça bäsleşikleri öz içine alar. Çäräniň çäklerinde Türkmenistnyň Gyzyl kitabyna girizilen sazak nahallary ekiler.

Galyndylary ýygnamak bäsleşigi: 6 adamdan ybarat topar bölünip berlen çägi zyňyndylardan arassalamak boýunça bäsleşerler. Bäsleşigiň ahyrynda her toparyň toplan zyňyndylarynyň agramy çekiler we ýeňiji yglan ediler.

“Ýaşyl” taslamalary taýýarlamak bäsleşigi: ekologiýa meselelerini çözmek maksady bilen toparlara “ýaşyl” taslamalaryň maksatnamasyny düzümek we tanyşdyrmak teklip ediler. Emin agzalar bolsa ideýalaryň döredijilikli häsiýetine we täzeçilligine baha bererler.

Nahal oturtmak: Toparlara sazak nahallarynyň 400 sanysyny ekmek teklip ediler. Eminler bolsa, olaryň ýokary hilli oturdylyşyna baha bererler. Iň köp sazak nahalyny ýokary hilli oturdyp bilen topar ýeňiji diýlip yglan ediler.

Zyňyndylary ýygnamak, “ýaşyl” tehnologiýalary taýýarlamak we bag nahallaryny ekmek boýunç iň ýokary görkezijileri gazanan topar “ýaşyl” oýunlaryň ýeňijisi diýlip yglan ediler.

“Ýaşyl” oýunlar “ForOurPlanet” atly taslamanyň çäklerinde geçiriler. Bu taslama ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça toparlaýyn hereketleri ilerletmegi maksat edinýär. Çäre şeýle hem daşky guraşwy goramak ulgamynda işleri işjeňleşdirmäge, raýatlaryň, raýat jemgyýetleriniň we ekologiýa birleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlyga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Selbi MYRATGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok