Ýaşlara döwrebap bilim bermek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän bilimiň ýokary derejede bolmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň geljegine gönüden-göni täsir edýär. Ýaşlara bilim bermek işini ylmyň döwrebap gazananlaryndan, olaryň gündelik ulanýan zatlary bolan internet ulgamyndan, kompýuterden şeýle-de el telefonlaryndan ýerlikli peýdalanmak arkaly alyp barmak okuw sapaklaryny ylmy esasda guramagyň ähmiýetini artdyrýar.

Mugallymyň zähmeti önümçilikde işleýän ähli işgärleriň iş ýöredişinden tapawutlanýar. Mugallymyň sapaga taýýarlygy, onuň ýokary psihologiki işjeňligi, okuwçylara sapagy ylmy esasda, sada dilde düşündirmegi sapagyň has-da täsirli bolmagyna ýaşlaryň bilim derejesiniň kämil bolmagyna getirýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüş gazanmak üçin orta mekdeplerde bilim bermegi kämilleşdirmegi döwrüň esasy talabyna öwürmeli. Türkmen jemgyýeti täze ösüş tapgyryna gadam basdy, döwür bilen aýakdaş gitmek bizden ýaşlara döwrebap bilim bermegi talap edýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler belent maksatlary nazarlaýar we şeýlede maksada ýetmekde bilim bermegi kämilleşdirmegi talap edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň netijesinde, her ýyl mekdep mugallymlarynyň hataryna täze hünärmenler goşulýar.

Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy ýylynda bilim ulgamynda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar, beýik maksatlar rowaçlanýar. Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan täzelikler döwrebaplygy, milli bähbitlere laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakynda uly aladalar edilýär, ýaş nesliň bilim-terbiýe öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Mariýam DURDYBAÝEWA,

Darganata etrabyndaky 1-nji “Gunça”
çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok