Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝHHG forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy – ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmidiň mart aýynda Aşgabata saparyny guramagy we bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak boýunça ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 2024-nji ýylda ÝHHG-niň merkezi bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar hem jikme-jik görkezildi.

Türkmenistan, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak boýunça ministrler bilen yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýar. 2023-nji ýylyň iýulynda Wenada geçirilen Howa konferensiýasynyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşyk bu formatyň öz wagtynda başlanan işdigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu formatyň indiki duşuşygyny 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem Türkmenistan bu ýöriteleşen gurluşda – Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça ÝHHG forumyny geçirmek teklibi hem öňe sürüldi.

Tawus ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok