Möhüm ähmiýetli wakalar durmuşymyza abadançylyk nuruny çaýýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň kämil derejede ösdürilmegine, innowasion ugurly, eksport maksatly önümçilikleriň döredilmegine, şunuň bilen bagly täze iş orunlarynyň döredilmegine we netijede bolsa halkyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň gowulanmagyna giň ýol açylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan belent başlangyçlar, möhüm wezipeler eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmekde möhüm ugur bolup çykyş edýär.

Ýaňy-ýakynda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 23-nji fewralynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady boýunça pikirlerini beýan etmegi buýsandyryjy waka bolup, uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmaga ýardam etdi.

“Dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady bolup durýandygyny, şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýyş, anyk maksatly kabul edilen dolandyryş çözgütleri, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalaryň depginli ösüşiň esasy şertidir. 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. Maýa goýum syýasaty hem üstünlikli amala aşyryldy. Önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Iň ýokary amatlyklar döredilen Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berildi” diýip, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda belledi.

Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň geçiriljekdigini buýsanç bilen belläp geçdi. Bular bilen birlikde, Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Munuň özi bolsa dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny giňden wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda we geljek nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işleriň örän möhüm ähmiýete eýedigini aýdyňlygy bilen doly subut edýär.

Il-halkymyzyň durmuşyna öwüşgin, abadançylyk çaýýan şeýle ähmiýetli wakalar, ýola goýulýan asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmeklige itergi berýär. Şeýle umumadamzat ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok