Arsen Wengere türkmen halysy sowgat berildi

Türkmenistanly FIFA-nyň tehniki hünärmeni Röwşen Meredow düýn Kataryň paýtagty Doha şäherinde başlanan okuw maslahatynda ady rowaýata öwrülen tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berdi.

Indi birnäçe ýyldan bäri FIFA-da futboly ösdürmek bilen bagly taslama boýunça işläp gelýän Arsen Wenger bilen türkmenistanly futbol hünärmeniniň gürrüňdeşligi mähirli ýagdaýda geçdi. Taraplar dünýä döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda futboly, esasan hem, çagalar futboluny ösdürmeki barada pikir alyşdylar.

Dünýä meşhur hünärmen türkmenistanly kärdeşiniň gowşuran sowgadyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi. Futbol hünärmenleriniň okuw maslahaty 29-njy fewrala çenli dowam eder.

Humaý GARAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok