Adaty karate boýunça Türkmenistanyň birinjiligi jemlendi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adaty karate boýunça Türkmenistanyň birinjiligi jemlendi. Ýaryş «Seýrana» myhmanhanasynyň sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Ýaryşa Ahal, Balkan, Mary, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlaryna agzalyk edýän 300 töweregi türgen gatnaşdy. Bu ýerde 8-den 17 ýaşa çenli oglanlar hem-de gyzlar çempionlyk ugrunda bäsleşdi.

Ýaş oglanlaryň hem-de gyzlaryň ýaryşlary adaty karateniň kata (görkezme çykyş), kumite (garşydaş bilen duşuşyk), fuku-go (katadan we kumiteden iki görnüşli ýaryş), ku-go hem-de en-bu (hüjüm we goranmak tehnikalaryny görkezmek) görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrydy. Olar ýekelikde hem-de toparlaýyn görnüşde bäsleşdiler.

Ýaryşyň netijesi boýunça Aşgabat şäherinden bolan türgenler has köp medallara eýe boldular. Bu ýaryş soňlugy bilen halkara ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek zehinli oglan-gyzlary kesgitlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelen türgenler ýeňiş üçin yhlaslaryny gaýgyrmadylar we taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler.

Mähriban JUMAMURADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok