Ýurdumyzyň para pauerlifting boýunça milli ýygyndy topary Dubaý şäherine ugrady

25-nji fewralda ýurdumyzyň para pauerlifting boýunça milli ýygyndy topary Dünýä kubogyna gatnaşmak üçin Aşgabat Halkara howa menzilinden Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine tarap ýola düşdi. Bu Kubok şu ýyl Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlarynyň dördünji tapgyryny emele getirýär.

Dünýä kubogyna gatnaşmak üçin Dubaý şäherinde bolýan türkmen wekiliýetine türgenleriň 10-sy agzalyk edýär. Topara Türkmenistanyň Milli Paralimpiýa komitetiniň baş kätibi Şatlyk Baýarow ýolbaşçylyk edýär. Milli ýygyndy toparymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tahyr Şorahanowyň baş tälimçiliginde çykyş eder. Tälimçi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesidir.

Şanazar IŞANGULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok