Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy sertifikat bilen sylaglandy

24-nji fewralda Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny berkitmäge goşant goşandygy üçin degişli sertifikat bilen sylaglanandygy barada aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ruhy sagdynlygyny kesgitleýär. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär.

Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Elmira BEGENJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok