«Arkadag» topary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klubyny ýeňlişe sezewar etdi

«Arkadag» topary BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy. Wladimir Baýramowyň şägirtleri Gyrgyzystanyň häzirki çempiony we ýurduň Superkubogynyň eýesi «Abdyş-Ata» klubyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özenini düzýän «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylyň aprel aýynda esaslandyrylyp, ol debýut möwsüminde Türkmenistanyň çempiony boldy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başardy.

4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýän «Arkadag» kluby 6 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

«Arkadag» topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi hem-de Ukrainanyň «Şahtýor» toparyndan 1:4, «Dnepr-1» toparyndan bolsa 0:1 hasabynda asgyn geldi. BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolsa Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän «Pari NN» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi hem-de RPL-iň häzirki çempiony «Zenit» bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.

Taňryguly SYLAPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok