Maýsa Pardaýewa halkara ýaryşda medalyň eýesi boldy

Şu günler Polşanyň paýtagty Warşowa şäherinde dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy hem gatnaşýar.

Bu halkara ýaryşa dünýäniň 39 döwletinden 464 türgen gatnaşýar. Türkmenistandan, Ukrianadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan güýçli türgenler gatnaşyp, baýrakly orunlar üçin bäsleşýärler.

Türkmenistandan gatnaşýan Maýsa Pardaýewa 57 kg agramda çykyş edip, altyn GBmedalyň eýesi boldy. Ol bu iri sport ýaryşynda ispaniýaly, niderlandly hem-de fransiýaly bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy.

57 kg agramdaky bäsleşikde Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa altyn medal, Ispaniýadan Marta Martin Garsia kümüş, Şannon wan de Meeberg hem-de Fransiýadan Marta Fawaz bürünç medalyň eýesi boldular.

Jeren SAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok