“Azerbaýjan tagamlary we medeniýeti” atly çäre guraldy

Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Mandarin” restoranynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan “Azerbaýjan tagamlary we medeniýeti” atly çäräni gurady. Oňa Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem bu ýurtda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdy.

Çärede Azerbaýjanyň milli aşhananyň tagamlary we süýjüleri hödürlendi. Azerbaýjanyň aýdym-saz sungatynyň sazlary ýaňlandy we tans çykyşlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem Azerbaýjana degişli gysga göwrümli wideolar görkezildi.

Şol bir wagtyň özünde, çärä Azerbaýjanyň taryhyny, medeniýetini we sungatyny görkezýän ýadygärlik gymmatlyklar görkezildi. Çäräniň çäginde Azerbaýjan bilen baglanyşykly bäsleşik geçirildi we ýeňijilere sowgat berildi.

Güljahan GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok