Gazagystanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Astana şäherinde akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, Astanadaky uniwersitetlerde okaýan türkmen we gazak talyplarynyň, şeýle hem türkmenistanly sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

20-nji fewralda bolan çäräni Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezi gurady.

Çärede Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Omarow Bauyržan Žumahanuly çykyş edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat, milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Ýusup Lallakowy, şeýle hem köp ýyllap türkmen akyldarynyň ölmez-ýitmez mirasyny öwrenen meşhur gazak alymlary we akademikleri Omurzak Ozganbaýuly, Amantaý Şerip Žarylkasynuly, Negimow Serik Nygmetollauly ýaly we beýleki çagyrylan spikerleri döredijilik duşuşygy bilen mübärekledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen döredijilik çäresiniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.

Esasy çykyşlardan soň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkeziniň zalynda sergi guraldy. Bu ýerde golýazmalar, dürli suratlar, Magtymguly Pyragynyň gazak, türkmen we rus dillerine terjime edilen goşgular ýygyndysy ýerleşdirilipdir. Şol bir wagtyň özünde, çärede Magtymguly Pyragynyň «Bolar sen» goşgusyna esaslanýan meşhur gazak «Maktymkulynyn termesi» aýdymy dombranyň owazy astynda ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Oguş AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok