Daşoguz welaýatynda üçem çaga dünýä indi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günleri halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslenýär. Kalba şatlyk bagyşlaýan şeýle ajaýyp pursatlaryň biri Köneürgenç etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginiň ýaşaýjylary Tagangeldiýewleriň maşgalasynda boldy.

Bagtyýar maşgala Gurbandurdy Tagangeldiýew bilen Selbigül Toýlyýewanyň maşgala ojagynda üçem çaga dünýä indi. Lukmanlar dünýä inen oglanjyklaryň agramynyň hem-de boýunyň kadaly ýagdaýdadygyny buýsanç bilen belleýärler. Olaryň agramlary 2 kilogram 535 gram, 2 kilogram 625 gram, 1 kilogram 705 gram bolup, boýlary 48 santimetrdir.

Tagangeldiýewleriň agzybir maşgalasynda öň hem iki oglan we bir gyz perzentleriniň bardygyny bellemek gerek. Olar häzirki wagtda döwletli ojagyň buýsanjy, ata-enäniň guwanjy. Bu günki gün bolsa agzybir maşgala agzalarynyň hataryna üç sany bagtyýar oglanjyklar hem goşuldy.

Döwletli ojagyň eýeleri ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygy, bagtyýar durmuşy barada edýän aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köňül töründen çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok