Amerikan muzeýiniň wekiliýeti Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kellesini dikeltmek boýunça işler alyp barýar

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde J.Pol Getti muzeýiniň (Los-Anjeles, Kaliforniýa) hünärmenleri bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilen Buddanyň heýkeliniň kellesiniň mundan beýläk dargamagynyň öňüni almak we ony dikeltmegiň aralyk netijeleri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Amerikanyň muzeýiniň wekiliýeti iş sapary bilen ýene Aşgabada geldi. J.Pol Getti muzeýiniň gadymy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň müdiri Sýuzan Gensikeniň aýtmagyna görä, artefaktyň mundan beýläk dargamagynyň öňüni almagyň we ony dikeltmegiň has amatly ýollaryny kesgitlemek üçin ozaly bilen onuň ýagdaýyna baha berildi. Şeýle bolsa-da, hünärmenleriň entek etmeli işi köp.

Ildeşlerimiziň daşary ýurtly kärdeşleri her gün Döwlet muzeýiniň barlaghanasynda barlaglar geçirýärler. Taslama gatnaşan bilermenler – tebigaty goramak boýunça hünärmen Fabio Kolombo we Italiýanyň Padua uniwersitetiniň professory, 3D kompýuter wizuallaşdyryşy boýunça hünärmen Juzeppe Salemi 3D usulda çap etmek arkaly Buddanyň heýkeliniň kellesiniň ýitirilen böleklerini dikeltmegi göz öňünde tutýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, 1960-njy ýylda Gadymy Merwden tapylan we V asyra degişli hasaplanylýan heýkeliň bir bölegi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merw şäherinde bir ýarym müň ýyl mundan ozal gurlan buddaçylyk binagärlik-heýkeltaraş dini desganyň – sokynyň bir bölegidir. Bilermenleriň pikirine görä, soky weýran bolupdyr. Şonuň üçin heýkeliň kellesini gorap saklamak üçin buddaçy ruhanylar ony ýere gömüpdirler.

Hünärmenleriň häzirki wezipesi geljekde sepleşdirmek üçin heýkeliň kellesiniň böleklerini ýerbe-ýer goýmakdyr. Amerikaly bilermenler Buddanyň heýkeliniň kellesini gözden geçirdiler, surata düşürdiler we suraty boýunça onuň ölçegini kesgitlemek boýunça işler geçirdiler. 3D çap usuly arkaly onuň käbir bölekleri dikeldildi. Ahyrky netijä gelmezden öň hünärmenler Türkmenistana ýene birnäçe gezek gelerler. Geçirilen işlerden soň Buddanyň heýkeliniň kellesi ýurdumyzyň Döwlet muzeýinde görkeziler. Bu iş ABŞ-nyň Ilçileri gaznasynyň medeni mirasy gorap saklamak boýunça maksatnamasynyň 30-njy taslamasydyr.

Gülnabat DAÝANÇMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok