2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ilaty 2 milliona golaý artdy

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Bu, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkara ülňüleri esasynda statistika hasabatlylygyny hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler amala aşyryldy. 2022-nji ýylyň dekabrynda «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurduň ähli sebitlerinde geçirildi.

Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň usulyýet gollanmalary halkara stnandartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy.

Türkmenistanyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşýär. Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurduň umumy ilatynyň 47, 1 göterimi şäher ilatyndan, 52,9 göterimi bolsa oba ilatyndan ybarat boldy. Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umymy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy.

Sähet KURBANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bossan

Mumkin

Bossan

Arty däl-de artdy, makalañ adynda harp ýalñyşy bar