Ýurdumyzy köptaraplaýyn ösdürmek üçin okatmagy kämilleşdireliň!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek üçin esasy üns ylym-bilim pudagyna berilýär. Ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan döwlet maksatnamalaryna laýyklykda oba ýerlerinde ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly geçirilýän çäreler giň gerime eýe boldy.

Islendik zadyň binýady berk bolsa onuň netijesi, miwesi gowy bolýar. Ylym-bilim ulgamynyň hem binýady hasaplanýan başlangyç bilime aýratyn üns bermek, çagalarda ýaşlykdan okamaga höwes döretmek döwletimiziň kuwwatly ösüşini üpjün etmekde aýratyn buýsandyryjy netijeleri gazanmagymyza ýardam eder. Orta mekdeplerde mekdep okuwçylaryny ýörite taýýarlanan gün tertiplerine laýyklyk-da okuw sapaklaryndan daşary gezelençler, gyzyklanma çäreleri, dürli sport oýunlary we bäsleşikleri bilen gümra etmek çagalaryň zehininiň has-da artmagyna getirer.

Zehinli, ylma höwesli ýaşlary gözläp tapmak, olaryň döredijiligini ösdürmek babatynda yglan edilýän döredijilik bäsleşikleriň ýene-de biri hem biziň orta mekdebimizde yglan edilen “Türkmen şygryýetiniň ägirdi Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşigidir. Döredijilik bäsleşigi 2023-2024-nji okuw ýylynyň 3-nji çärýeginiň başynda yglan edildi we Milli Bahar baýramçylygynyň öňüsyrasynda onuň jemi jemlenmegine garaşylýar. Bu döredijilik bäsleşigine mekdebimiziň zehinli okuwçylary öz döreden goşgylary, ýazan hekaýalary we beýleki edebi eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Ynsan aňynyň kämilleşmeginde, ruhy dünýäsiniň durlanmagynda wajyp orny eýeleýän taryhy şahsyýetleri öwrenmek, olaryň döredijiligine sarpa goýmak ägirtleriň biziň hakydamyzda baky ýaşamagyna getirýär. Gurnalan döredijilik bäsleşigi nesil terbiýesine hem oňyn täsir eder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil we onuň geljegi barada beýik başlangyçlary amala aşyrýandygy üçin alkyş sözlerimiz çäksizdir.

Salamat ÝUSUPOWA,

Darganata etrabyndaky 6-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok