Türkmen tebigaty – ylham çeşmesi

Türkmen halkynyň dünýäniň başga hiç bir künjünde gaýtalanmaýan gözel, ajaýyp we baý tebigaty bar. “Türkmen tebigaty” diýlende eýýäm dört tarapy dag bilen gurşalan, ençeme meýdanynda Garagum sährasy ýaýrap ýatan, aňyrsyna gözüň ýetmeýän Gojaman Hazaryň tolkunlary möwç urup duran, baran ýerlerini gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürýän derýalaryň akýan ülkesini göz öňüne getirmek bolýar.

Garagum sährasy ýurdumyzyň täsinlikler mesgeni hökmünde tanalýar. Garagum sährasy güneşli Türkmenistanymyzda gün şöhlesiniň üýtgeşik düşýän ýeridir. Bu sebitiň çägesi hem altyna barabar gymmatlylygy bilen tapawutlanýar. Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, aklaň çägeler ulgamynyň, ýylyň dowamynda pasla görä üýtgeýän keşbiniň owadanlygy görenleri haýrana goýýar.

Ýurdumyzyň özboluşly dag ulgamyny emele getirýän Köýtendag, Köpetdag, Uly hem-de Kiçi Balkan daglary hem tebigatymyza bezeg berýär. Dag ýerleriniň özboluşly daşly topragy, belentli-pesli relýefi, arassa howasy, baý haýwanat we ösümlik dünýäsi, çeşmedir çaýlary, şaglawuklary taryplamaga mynasypdyr. Diýarymyzyň daglarynda ýylyň islendik döwründe-de owadan keşp görmek bolýar. Türkmen daglary gyşyna ak garlar bilen bürenip, aklyk duýgusyny oýarýar. Baharda dürli reňklerden dörän sazlaşykly görnüş göýä älemgoşar çykan kibi göwnüňi heýjana salýar. Tomsuna dag ýeriniň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň emele getirýän owadanlygy, guşlaryň saýraýan owazlary, müşk-enber ysly tämiz howa özboluşly aýratynlyga eýe bolýar. Güýz paslynda daglyk ýerleriň täsin özboluşly keşbi has hem owadan görünýär. Daglar ýokardan akýan şaglawuklary, günüň şöhlesi astynda dürli hili öwüsýän daşlary, owadan gülleri, agaç we gyrymsy agaçlardan emele gelen tokaýlyklary, özüne mahsus bolan jandarlary bilen gözeldir. Diýarymyzyň daglaryna seýle çykylanda edil ertekilerdäki ýaly täsinliklere duşmak bolýar.

Türkmenistan Watanymyzda Hazar deňzi hem täsinlikler mekanydyr. Deňziň täsin suw gurşawy, başga ýerlerde duş gelmeýän endemik görnüşleri, hallan atyp duran tolkunlary taryplamaga mynasypdyr. Hazar özüniň tebigy baýlyklary bilen hem tutuş dünýä bellidir. Türkmen Hazarýaka sebiti häzirki wagtda diňe bir öz ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekýän owadan tebigy ýer hasaplanylýar.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok