“Göterler ol ykbaly türkmeniň”

Gadymy hem şöhratly geçmişimize nazar aýlasak türkmen halky üçin Watan düşünjesiniň ähmiýeti örän uly bolandygyny göz ýetirmek kyn däl. Halk döredijiliklerimiz, edim-gylymlarymyz, taryhymyz, mahlasy, tutuş durkumyzy Watan mukaddesliginden üzňe göz öňüne getirip bolmasa gerek.

Dogrudan-da, Watan ynsanyň göbek ganynyň daman ýeri, mukaddes ojagy hasaplanylýar. Onuň her bir daban ýerini gorap saklamak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi pederlerimizden miras galan bu topraklar üçin niçe janlar pida boldy. Kimler Watan üçin eline ýarag alyp söweş etse, kimler pähim-paýhas, sözüň güýji bilen tutuş ýagyny gaýtaryp, watansöýjülige, edermenlige çagyryp, giden goşunyň edip biljek işini bitirmegi başarypdyr.

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem ömürboýy türkmen halkynyň bir supra jem bolup, agzybir we binýady sarsmaz bir döwlet bolmagyny arzuwlap gezipdir. Ýüreginde beslän arzuw-umytlaryny kagyz ýüzüne geçirip, ony il-gününe wagyz edip, agzybirlige we jebislige çagyrypdyr:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulsumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Akyldar şahyrymyzyň bu setirlerini okanymyzda agzybirligiň we bitewiligiň nähili derejede güýçlüdigini, külli türkmen milleti bir jan, bir ten bolanynda garşysynda duran islendik güýji ýeňip geçip biljekdiginde aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu salgylanma dana atamyzyň aglaba goşgularyndan eriş-argaç bolup geçen:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Allanyň nazary salan keramatly topragymyzda bu günki gün bütin türkmen milleti jem bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Peder ýoluny dowam edýän Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar zamanda ýaşaýar we watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, päk ahlagyň mekdebi bolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden belleýär. Toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyzyň dowamaty dowam bolsun!

Humaý KASYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok