Ady arşa galan Beýik Pyragy

Ömürboýy türkmen halkynyň jebisligini, agzybirligini, döwletliligini arzuwlap gezen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady bu günki günde her bir türkmen milletiniň dilinde sena bolup ýaňlanýar. Akyldaryň many-mazmuna, öwüt-ündewe ýugrulan eserleri diňe bir biziň ülkämizde däl, eýsem bütin dünýä ýüzünde hem uly gyzyklanma bilen okalýar, öwrenilýär, dürli dillere terjime edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, golýazmalaryny dünýäniň medeni çeşmelerinden gözlemäge, ýygnamaga, olary ylmy taýdan öwrenmäge, giň halk köpçüligine ýetirmäge uly mümkinçilikler döredildi. Beýik akyldarymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän dürli çäreler, halkara ylmy maslahatlar oňa goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Milli Liderimiziň döwet galamyndan çykan jöwher setirler bolsa, bu gün halkymyzyň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar:

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Akyldar şahyrmyzyň görüm-görelde, päk ahlaga ýugrulan döredijiligine mynasyp baha berýän bu ajaýyp şygyr biziň her birimiziň ýüreklerimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Kalplary galkyndyran iň esasy zatlaryň biri hem 2024-nji ýylda Beýik akyldarymyzyň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda dünýä derejesinde bellenilip geçilmegine we bu ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ýürek owazasyndan çykan “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” setirler bilen atlandyrylmaga berlen karar boldy.

Hut şonuň üçin hem, gözel diýarymyzda we onuň çäginden daşlarda şygyrýet meýdanynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, wasp etmek, dünýä ýaýmak işleri, medeni çäreleri giň gerim aldy. Ýaňy-ýakynda goňşy Özbegistan döwletinde hem dana pederimiziň 300 ýyllygyny döwlet derejesinde bellemek baradaky karar kabul edilmegi munyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Dana atamyz Magtymguly Pyraga uly hormat-sarpa goýýan we onuň adyny dünýä ýaýmakda şeýle uly işler edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Enegül ÝALKABOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok