DÖM-iň ýaş ilçileri sylaglandy

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň 2022–2024-nji ýyllar toparynyň Türkmenistanda DÖM-i wagyz etmekde gazanan üstünliklerini bellemek üçin baýrak gowşurylyş dabarasyny gurady.

BMG-niň binasynda geçirilen bu çärä 60-dan gowrak ýigitdir gyz, şol sanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem beýleki gyzyklanýan şahslar gatnaşdy. Dabarada DÖM-iň ilçileriniň ýurdy durnukly ösüşe tarap alyp barmaga möhüm goşandy bellendi. Bu ýaşlar dürli başlangyçlar, taslamalar we aň-bilim işleri arkaly möhüm sosial we daşky gurşaw meselelerini çözmekde göreldeli işleri görkezdiler.

Bu gün DÖM-iň ilçileri Türkmenistanda milli we halkara guramalar tarapyndan geçirilýän ýokary derejeli çärelere çagyrylýar. Bu çärelerde DÖM-iň ilçileri öz garaýyşlaryny paýlaşýarlar we hiç kimi yzda galdyrmaýan durnukly ösüşi işjeň alyp barýarlar. DÖM-iň ilçisi bolmak, höwesli we yhlasly adamlar üçin Türkmenistanda we bütin dünýäde has adalatly hem abadan geljegi döretmäge hakyky goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

DÖM-iň ilçileri BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Daşary işler ministrligi hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki başlangyjy Türkmenistanyň ýaşlaryny ýurtdaky DÖM-ler barada habarlylygy artdyrmak we olara düşünmekleri üçin jemleýär. Her bir ilçi öz ornunda işjeň ýolbaşçy bolmak bilen, bir global maksady goldaýar we durnukly ösüş barada ýaşlaryň arasynda maglumat ýaýradýar.

2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 100-den gowrak höwesjeň «DÖM-iň ýaş ilçileri» bäsleşigine gatnaşýarlar. 18 agzadan ybarat häzirki üçünji topar şu ýylyň iýulynda 2022–2024-nji ýyllar üçin öz işini tamamlar we DÖM-iň ilçileriniň estafetasyny indiki topara geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy ýakyn wagtda 2024-2025-nji ýyllar üçin täze DÖM ilçileriniň saýlanjakdygyny yglan etjekdigi sebäpli, indiki topara goşulmak isleýän ýaşlaryň arasynda DÖM-iň ilçileriniň işi barada habarlylygy ýokarlandyrmak-da bu çäräniň maksadydy. DÖM-iň ýaş ilçileriniň gazananlaryny buýsanç bilen bellän BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt topary dünýäni hemmeler üçin gowulaşdyrmak üçin olaryň işini dowam etdirjek ýolbaşçylaryň geljekki neslini goldamagyny we güýçlendirmegini dowam etdirýär.

Orazjahan GARAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok