NASA Marsda ýaşamak üçin “analog kosmonawtlary” gözleýär

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy “NASA” henizem hiç kimi Marsa iberip bilmeýär, ýöne munuň hötdesinden gelmek üçin dört adam gözleýär. Ýagny, NASA – Mars gurşawyny Ýerde simulýasiýa edip onda ýaşamak üçin adam gözleýär.

NASA – ylym derejesi, harby ýa-da synag tejribesi bolan sagdyn ýetginjekleriň 1 ýyllap simulirlenen ýerde ýaşajakdygyny mälim etdi.

Dalaşgärler “Mars Dune Alpha” atly 3D çap edilen gurluşda ýörite simulirlenen ýerde bir ýyl galmaly bolarlar. “Mars Dune Alpha” 1700 inedördül metrden ybarat bolup, Marsyň üstünde kosmonawtlaryň ýaşamagy üçin gurulmak göz öňünde tutulýan ýörite jaýlaryna meňzeýär.

Maksatnamanyň dört adamdan ybarat ilkinji topary geçen iýul aýyndan bäri bu gurluşda ýaşaýar. Indi bolsa NASA 2025-nji ýylyň ýazynda başlajak ikinji “CHAPEA” missiýasyna dalaşgär gözleýär.

NASA 30-55 ýaş aralygyndaky, iňlisçe gürleýän we zyýanly endikleri bolmadyk, sagdyn, höwesli ABŞ-nyň raýatlaryny ýa-da hemişelik ýaşaýjylaryny gözleýändigini aýtdy.

Şeýle hem dalaşgärlerden inženerçilik we matematika ugry boýunça magistr derejesi we bu ugurda iki ýyl tejribe ýa-da 1000 sagat uçar synagy talap edilýär. Arzalar 2-nji aprele çenli kabul edilýär.

Ezizhan AHMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok