Asyrlardan gaýdýan taryhy geçmişe sarpa

Türki halklaryň geçmiş taryhyny, döredijiligini medeni mirasyny sungatyny, medeniýetini, ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerini dünýä ýüzüne wagyz etmek we dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek,tejribe alyşmak maksady bilen döredilen TÜRKSOÝ guramasy bu ugurda dürli görnüşdäki halkara çäreleri geçirmekde esasy orun alyp barýar.

“Änew şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýilip atlandyrmagyň özi asyrlardan gaýdýan geçmiş taryhymyza bolan sarpanyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda «Türkmen topragynda biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda, diýmek, mundan ýedi müň ýyl ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaý gadymy Änew medeniýetine degişlidir» diýip, ýazýar.

Gadymýetden gaýdýan taryhymyza ser salanymyzda, Türkmen topragy siwilizasiýanyň merkezi ýagny, ojagy bolupdyr. Tapylan arheologiki barlaglaryň netijesinde bu toprakda ekerançylygyň gülläp ösendigini göz ýetirmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly «Milli mirasymyzy, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar»

Mundan başgada eziz diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleri birnäçesi  Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä sanawyna girizildi. Häzirki wagtda Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyryp, milli medeniýetimizi, mirasymyzy, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy halkara derejede wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Babamurat Baltaýew,
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok