Teksti wideo öwürýän emeli aň tehnologiýasy: Sora

“OpenAI” emeli aň kompaniýasy “Sora” atly wideo önümçilik tehnologiýasy bilen dünýäde uly täsir galdyrdy.

Ýazuw tekstini wideo öwürýän emeli aň tehnologiýasy, bu ugurda mazmun öndürýän YouTuber-leri hakykat derejesi bilen geň galdyrdy.

“Microsoft”-yň esasy maýa goýujysy bolan “OpenAI” ozal “Chat GPT” bilen hem uly täsir galdyrypdy. Soňky birnäçe ýylda emeli aň tehnologiýasy, isleg boýunça suratlary, çyzgylary we goşgulary adam eli bilen döredilen ýaly edip biljek derejä ýetdi.

“OpenAI” kompaniýasy bu tehnologiýany gazanmak üçin emeli aňa hakyky dünýädäki zatlar barada öwrenilýänligini belläp geçdi. Kompaniýa ulanyjylaryň bir minuda çenli dürli görnüşli wideolary ýaşap biljekdigini habar berdi.

“Sora” entek hemmeler üçin elýeterli tehnologiýa däl. “OpenAI”, ýüze çykyp biljek howplaryň öňüni almak üçin “Sora”-nyň ilki bilen bellenen hünärmenler tarapyndan synag ediljekdigini mälim etdi.

“Sora” emeli aň tehnologiýasy, zyýanly mazmun öndürmek üçin ulanylyp bilner. Şol sebäpli hem “OpenAI” kompaniýasy ätiýaçlylygy elden bermeýär.

Aýlar GARRYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok