Parižde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Golaýda, ýagny 2024-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Bu çäre, Pariž şäherindäki Ilçihanada Fransiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan fransuz ýaş talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde talyplar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysady potensialy we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasy barada jikme-jik maglumat aldylar. Ilçi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna we häzirki ýagdaýyna ünsi çekdi we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özleriniň çalt ösýändiklerine we özara gyzyklanmalaryna ünslerine çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynyň tanyşdyrylyşy, döwletiň ýaşlara edýän aladasyna we Türkmenistanyň ýaş nesliniň bilim we ylymdan sporta çenli dürli ugurlarda gazananlaryna talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ýaş türkmen raýatlarynyň öňünde durýan möhüm meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen türkmeniň beýik şahyry, pelsepeçisi we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça döwlet we halkara işler barada belläp geçildi.

Uzuk ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok