Näme üçin fewral aýy her 4 ýylda bir gezek 29 gün bolýar?

Senenamalarymyz fewral aýynda her 4 ýyldan bir gezek 1 gün uzaýar. 2024-nji ýyl bolsa şol ýyllaryň biridir. Bu ýyl, 29-njy fewralda doglanlar, doglan günlerini 4 ýyldan soň ilkinji gezek takyk öz gününde belläp bilerler.

Fewral aýy 29-lyk bolany üçin hem bu ýyl 365 däl-de, 366 gün bolar.

Emma näme üçin her 4 ýyldan 1 gezek fewral aýy 29-lyk bolýar? Bu düzgün haçan ýüze çykdy?

– Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagy üçin takmynan 365.2422 gün gerek. XVI asyrda başlanan Günbatar senenamasynda 1 ýyl 365 gün hökmünde kesgitlenýär. Ýylyň galan 0.2422 – bäş sagat 48 minut 46 sekundy – her 4 ýyldan bir gezek goşmaça 1 güni emele getirýär. Bu düzedişiň netijesinde sagatlarymyz ýeriň aýlanmagyna we pasyllaryna laýyk gelýär. Fewral aýynda 3 ýylda 28 gün bar bolsa, senenama her 4 ýylda bir gezek 29-y görkezýär.

Onda näme üçin başga aýda däl-de diňe fewral aýynda şeýle?

Munuň jogaby miladydan öňki birinji asyra degişlidir. Rim lideri Ýuliý Sezar astronomlara Rim senenamasyny işläp düzmegi tabşyrypdyr. Rim senenamasy 355 günden ybarat bolup, her 2 ýyldan goşmaça 22 günlük goşmaça bir aý emele gelýärdi. Senenamanyň pasyllar bilen sazlaşygy düýbünden bozulupdy.

Sezaryň buýrugy bilen taýýarlanan senenamada bir ýyl 365 gün hökmünde kesgitlenildi. Galýan bir-iki sagat bolsa 4 ýyldan 1 gezek bir gün hökmünde goşulyp başlandy.

Täze Rim imperiýasynyň baştutany Awgust hem Ýuliý Sezar ýaly öz adynyň uzyn aýlaryň birinde tutulmagyny isledi. Sebäbi Ýuliý Sezaryň adyny göterýän iýul aýynda 31 gün bardy. Şondan soň fewral bir gün gysgaldyldy we öň 30gün bolan Awgust aýyna ýene bir gün goşuldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, statistikalara görä, bir çaganyň 29-njy fewralda dogulmak ähtimallygy 1461-da, 1 bolup durýar. Dünýäde 29-njy fewralda dogulan takmynan 4,1 million adam bar.

Gunça SEÝIDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Toyly

Gowy maglumat