Talyplaryň arasynda nemes dilinden II Olimpiada geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty talyplaryň arasynda nemes dilinden II Olimpiadany geçirdi. Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinjisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» mowzugynda nemes dilinde düzme ýazmak boldy. Onuň netijelerine görä, ikinji tapgyra gatnaşyjylar kesgitlenildi – 13 ýokary okuw mekdebinden 45 talyp saýlanyldy. Bu tapgyrda olimpiada iki ugur boýunça – dürli derejeli dil başarnyklary bolan gatnaşyjylar üçin geçirildi.

Olimpiadanyň ahyrynda sekiz ýeňiji kesgitlenildi. Birinji ugurda baş baýraga Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Arslan Nurberdiýew mynasyp boldy. Birinji we ikinji ornlara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Kiza Kakalyýewa we Ogultäç Nuryýewa, üçünji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýlar Rahmanowa mynasyp boldy.

Ikinji ugur boýunça geçirilen bäsleşikde, Olimpiadanyň esasy baýragyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurlyýewa, birinji, ikinji, üçünji orunlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Medine Popyýewa, Selbi Rozyýewa, Jepbarberdi Gurbanmyradow dagylar mynasyp boldylar.

Bu dil bäsleşiginde gazanan ýeňişleriniň derejesine baglylykda, Gýotäniň diliniň iň oňat hünärmenlerine hormatly diplomlar we gymmatly baýraklar gowşuryldy. Olimpiada gatnaşanlaryň ählisi ýörite şahadatnamalar bilen sylaglandy.

Enegül DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok