IRENA – Türkmenistanda ýerli edarasyny açmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) çäklerinde, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singh bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda IRENA guramasynyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) – gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ähli görnüşleriniň ulanylmagyny goldamak üçin 2009-njy ýylda döredilen hökümetara halkara gurama bolup durýar.

IRENA gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda tehniki maglumatlar baradaky ähli zerur bolan maglumatlary üpjün edýär. Bu gurama Germaniýanyň hökümetiniň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Bon şäherinde esaslandyryldy. Gurama dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyny çaltlaşdyrmaga hem-de bu ugurda bilimi we tehnologiýalary ýaýratmaga ýardam berýär.

Mähri AKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok