Türkmen telekeçileri halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar!

Türkmen telekeçileri 25 — 27-nji martda geçiriljek azyk we içgi önümleriniň halkara sergisine (IFE, International Food and Drink Event London 2024) gatnaşmaga çagyrylýar.

Londonyň halkara gözden geçirilişi mümkinçiligi uly bolan alyjylaryň köpçüligi üçin döredildi. Oňa bölek we lomaý satuw, jemgyýetçilik iýmiti, myhmanhana işewürligi, paýlamak, import hem-de eksport pudaklaryndan 27 000-den gowrak alyjy bilen işleşmäge isleg bildirýän 90 ýurduň we 1500-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Bu çäräniň azyk we içgi önümçiligi bilen meşgullanýan hem-de gastronomiýa pudagynda işleýän beýleki türkmen telekeçileri üçin mümkinçilikleri uly bolan hyzmatdaşlardyr sarp edijiler bilen tanyşmaga, duşuşmaga amatly şertleri döretjekdigi şübhesizdir.

Iri çärä gatnaşmak isleýän taraplar Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.

Hakberdi JUMAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok