Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri tarapyndan 2023-nji ýylda 80 milliartdan gowrak kub metr tebigy gaz we 8 milliondan gowrak tonna nebit çykaryldy. Bu barada 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.
2023-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 30,1 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 1,1 göterim, kerosin boýunça 0,6 göterim ösüş gazanyldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistan Russiýa, Eýran we Katar bilen birlikde dünýäde ilkinji dört ýurduň hataryna girýär.
Selimberdi NURÝAGDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler