Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň serhedine çenli awtomobil ýoly gurlar

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan sebitiniň häkiminiň ykdysady meseleler boýunça utgaşdyryjy orunbasary Saýed Mohammed Dehnewi eýran tarapynyň ýakyn iki aýyň dowamynda Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyna çenli awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişjekdigini mälim etdi.

“Bu meýilnamany durmuşa geçirmegiň esasy sebäpleriniň biri Eýranyň Türkmenistana we Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksportynyň möçberiniň yzygiderli artmagy bilen baglanyşyklydyr” diýip, Saýed Mohammed Dehnewi Eýranyň döwlet Baştutanynyň Gülüstan sebitine amala aşyran iş saparynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol şeýle hem bu sebitiň eksport mümkinçiliklerniň çalt depginde ýokarlanýandygyny belledi. Daşarky bazara iberilen harytlaryň möçberi 265 million dollara ýetýär. Geljekde bu görkezijini 300 million dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan daşary, Gülüstan sebitiniň importy hem 187 göterim ösdi. Import edilen zerur harytlaryň aglabasy Türkmenistandan getirildi. Umuman alanyňda, Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady hyzmatdaşly barha ösýär.

Aýna ATAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok