700 müň otluçöpden 7 metrlik Eýfel diňi

Fransiýaly Riçard Plaud 8 ýylda 700 müň otluçöpden 7 metrlik Eýfel diňiniň modelini ýasady. Şeýle-de bolsa, Riçard Plaudyň bu işi – dükanlarda satylmaýan otluçöpi ulananlygy sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilmedi.

Plaud, metbugata beren beýanynda şeýle diýdi: «Meniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek arzuwym puja çykdy. Talapnamada görkezilişi ýaly, ulanylýan otluçöp işewürlik babatda elýeterli bolmaly. Olar meniň ulanan otluçöpüm satuwda ýok diýen netijä gelipdirler».

Emma muňa garamazdan, internetde onuň döreden täsinligi barada öwgüli sözleri aýdýanlar köp.

Plaud bu taslama 2015-nji ýylda başlap, takmynan 4200 sagat sarp etdi. Ol 700 müň otluçöpden 7 metrlik Eýfel diňini ýasamak üçin “Flamup” atly otluçöp öndürýän fransuz kompaniýasyndan goldaw aldy.

Jennet GARLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok