Russiýa prezident saýlawlaryna barýar!

Russiýada 2024-nji ýylyň 17-nji martynda prezident saýlawlary geçiriler. Häzirki wagtda Russiýada ýurduň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynda dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.

8-nji fewralda Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýygnagynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sanawy tassyklandy. Saýlaw býulletenlerine öň bellige alnan dört dalaşgäriň, ýagny erkin dalaşgär hökmünde gatnaşýan ýurduň häzirki Prezidenti Wladimir Putiniň, Liberal-demokratlar partiýasyndan Leonid Sluskiniň, Kommunistik partiýadan Nikolaý Haritonowyň we «Nowyýe lýudi» partiýasyndan Wladislaw Dawankowyň atlary giriziler.

Russiýada Prezident saýlawlarynda ses berlişik 15,16 we 17-nji martda geçer, bu Russiýanyň taryhynda ilkinji üç günlük Prezident saýlawlary bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Russiýa Federasiýasynyň prezident saýlawlaryna ses bermek üçin Türkmenistanda bäş sany saýlaw uçastogy dörediler. Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 17-nji martynda ýurduň iň uly şäherlerinde — Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Maryda we Daşoguzda bäş sany saýlaw uçastogynda ses berlişigiň guralmagy barada türkmen tarapy bilen ylalaşdy. Munuň özi, ses bermäge hukugy bolan Türkmenistanda ýaşaýan rus raýatlaryny has köp gurşap alar.

Oguljennet HOJAGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok