“Kompýuter” adalgasy näme manyny berýär?

Häzirki döwürde adamzadyň gündelik durmuşyna içgin aralaşan gurluş kompýuterler we olaryň döreýiş taryhy barada gyzyklanmaýan ynsan ýok bolsa gerek. Eýsem, “kompýuter” adalgasy näme we ol nähili peýda bolduka?

“Kompýuter” adalgasy iňlis sözünden gelip çykyp, türkmen dilinde “hasaplaýjy” manyny aňladýar, emma bu adalga iňlis diline latyn dilinden aralaşypdyr. “Kompýuter ” latynçada “hasaplamak” diýen manyny berýär. Kompýuter – bu köpsanly arifmetiki we logiki funksiýalary amala aşyrmak birnäçe hasaplamalary geçirmek mümkinçiligine eýe bolan gurluş. Kompýuter bir ýa-da birnäçe bilelikde işleýän özara baglanyşykly böleklerden düzülendir. Bu gurluş başgaça “elektron hasaplaýjy maşyn”, “hasaplaýjy ulgam” diýlip atlandyrylýan çeşmeler hem bar. Kompýuterde amallar ýörite kompýuter programmalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Häzirki zaman kompýuterleri diňe bir hasaplama işi däl, eýsem, birnäçe başga amallary hem ýerine ýetirmäge ukyply.

Ilkinji gezek “kompýuter” adalgasy 1897-nji ýylda Oksford uniwersitetiniň iňlis dili sözlüginde peýda bolupdyr. Şol döwürde bu adalgany döredijiler kompýutere diňe bir elektron hasaplaýyş maşyny hökmünde düşünipdirler. 1946-njy ýylda bu sözlüge goşmaça girizilýär, netijede “sanly” we “elektron” kompýuterleri ýaly düşünjeler peýda bolýar.

Kompýuter – bu maglumatlaryň üstünde işleýän elektron gurluşdyr. Kompýuter özünde maglumatlary saklaýar, gaýtadan işleýär, gerek bolsa ýadyndan öçürýär. Häzirki zaman kompýuterleriniň kömegi bilen resminamalary çap etmek, elektron poçta arkaly maglumatlary ibermek, kompýuter oýunlaryny oýnamak bolýar. Internet sahypalaryna girmek, elektron tablisalary düzmek, wideoşekilleri bejermek, prezentasiýalary döretmek ýaly funksiýalar hem amala aşyrylýar.

Kompýuter – häzirki döwürde aragatnaşyk serişdesi. Hadysalaryň anyk, kesgitli yzygiderlilikde ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly maglumatlary awtomatiki usulda amala aşyrýan gurluş.

Kompýuter dünýäniň dürli döwletlerinde dürlüçe atlandyrylýar. Fransiýada kompýuter “ordinateur” diýlip atlandyrylyp, ol “sortlaýjy” diýen manyny aňladýar. Finlandiýa döwletinde “tietokone” diýilýär we ol “bilimler maşyny” diýlip terjime edilýär. Hytaý döwletinde “dýan-nao” adalgasy bilen atlandyrylyp, “elektron beýni” diýen manyny berýär.

“Kompýuter” adalgasyny häzirki zaman görnüşde ilkinji gezek 1945-nji ýylda amerikan inženeri Jordj Stibis “Releli kompýuterler” atly nutugynda beýan edýär. Ol bu nutugynda kalkulýator bilen kompýuteriň aýratynlyklaryny düşündirýär.

Ogulbäbek ARAZNAZAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok