Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Täjigistanyň ýygyndy toparyny ýeňdi

7-nji fewralda Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň — «CAFA Women’s Futsal Championship-2024» ýaryşynyň çäginde sebit derejesindäki çempionatyň ýer eýesi bolan Täjigistanyň ýygyndy topary bilen duşuşdy. Duşenbede guralan üçünji tapgyryň duşuşygy 4:1 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryşda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlarynyň çykyş edýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda 9 utuk toplan Eýranyň ýygyndy topary öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda Gyrgyz Respublikasy (6 utuk), üçünji basgançakda bolsa Türkmenistanyň we Özbegistanyň (her biri 3 utuga eýelik edýär) ýygyndy toparlary barýar. Täjigistan bolsa heniz utuk toplap bilmedi.

Düzgüne laýyklykda, zenanlaryň ýygyndylarynyň arasynda geçýän «CAFA – 2024» futzal çempionatynyň ýeňijileri bir aýlawda guraljak ýaryşyň — toparlaryň her biriniň birek-birek bilen duşuşmagynyň netijesinde toplan utuklarynyň esasynda kesgitlener. Has takygy, iň köp utuk toplan topar çempion bolar.

Aýnur RAHMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok