Paýtagtymyzyň duralgalarynda Pyragynyň suraty şekillendirilen suratlar peýda boldy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň duralgalarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň dana sözleri we goşgularyndan bölekler bilen birlikde dana akyldaryň suraty şekillendirilen suratlar peýda boldy.

Indi ýolagçylar ulaga garaşýan wagty Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny we beýleki ruhlandyryjy meşhur setirlerini okamakdan lezzet alarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän şu ýyl ak mermer paýtagtymyzda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň monumental ýadygärliginiň açylmagyna taýýarlanylýar.

Şeýle hem bu şanly sene mynasybetli tutuş ýurdumyzda ýylyň şygaryna we görnükli akyldara bagyşlanan medeni çäreler geçirilýär.

Güljemal GURBANDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok