Bilim bagtyň açary

Bilim almak ynsan ömrüniň möhüm parzlarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim-terbiýe almak, ösen tehnologiýalardan baş çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlar Watanymyzyň aýdyň geljeginiň kepilidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna sowgat beren “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda dürli ugurlarda okaýan, işleýän, zähmet çekip ýeňişli ýollar aşýan ýaşlaryň birnäçesiniň adynyň getirilmegi munuň özi ýaşlar barada edilýän aladadan nyşan.

Sanly bilim ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylmagy hem ýaş nesillere bilim bermekde ädilen ynamly ädimleriň gözbaşydyr. Ähli ýokary okuw jaýlarynyň, orta mekdepleriň ösen multimediýa interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi hem döwletimiz tarapyndan bilim ulgamyna berilýän uly ünsüň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp setirlerinden ylhamlanyp yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistan diýarymyz toý-baýrama beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarydyr dürdäne şygrynyň üsti bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň many-mazmunyny asylly kärimizde ýaş nesillere öwredýäris, olary milli Watançylyk ruhunda terbiýeleýäris.

Erkana Watanymyzyň goýnunda okamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

Şirin AGAÝEWA,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky
9-njy orta mekdebiň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok