Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige hödürlenilýän monografiýalarda, ylmy makalalarda, goşgularda we kyssa eserlerinde Magtymguly Pyragynyň paýhasly döredijilik dünýäsi beýan edilmelidir. Hödürlenýän goşgularyň we kyssa eserleriniň 2024-nji ýylda metbugat sahypalarynda çap edilen bolmagy hökmandyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar görkezilen ugurlar boýunça özleriniň 1 ýa-da 2 sany eserini hödürläp bilerler. Olar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakyndaky maglumatlary hem goşmalydyrlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty).

Bäsleşige hödürlenilýän işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna ibermeli.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 15-nji jaýy, telefon belgisi: 94-30-89.
Monografiýalar, ylmy makalalar we eserler 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň www.science.gov.tm we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm saýtlarynda ýerleşdirilendigini mälim edýäris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok