Mynasyp nesliň aladasy

Eziz Diýarymyzda ýaşlar barada döwlet derejesinde tutumly işler amala aşyrylýar. 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döredijilikde, ylym-bilimde, sportda, sanly ulgamda, telekeçilik işinde, halkara olimpiadalarynda gazanan üstünlikleri guwandyrýar.

Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym hem-de hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän merdana ýaşlarymyz, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz biziň bu beýik maksadymyzyň töweregine mäkäm jebisleşýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi çeper söze, kitaba uly hormat goýýan halkymyzda egsilmez buýsanç, uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Ajaýyp eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň waspy ýetirilýär. Munuň özi merdana nesillerimiziň döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna mynasyp jogap berýändikleriniň, bildirilýän belent ynamy ödeýändikleriniň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde ýaşlara aýratyn ornuň degişlidigi, şonuň üçinem durmuşyň ähli ugurlarynda öňegidişlikler gazanyp, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýändigi kitapda anyk mysallar arkaly delillendirilýär.

Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklar ýar bolsun!

Baýramsoltan NURAÝEWA,

Gökdepe etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň
müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri
boýunça orunbasary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok