TITU – 2-nji integrirlenen olimpiadany geçirýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary we matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça 2-nji integrirlenen olimpiadany guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I etrap tapgyry üçin hasaba alynyşyklar başlady. Düzgünnama laýyklykda bir mekdepden her synp boýunça 5 sany (IX synpdan 5, X synpdan 5, XI synpyň her birinden 5 okuwçy jemi 20 okuwçy) iň zehinli okuwçy gatnaşyp bilýär. Bu tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawyny mekdep müdiriniň möhri bilen tassyklanan görnüşini, onuň elektron nusgasyny her bir mekdep etrap bilim bölümine tabşyrmaly we elektron görnüşini etrap bilim bölümi jemläp, 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli oguzzehin@gmail.com elektron salgysyna i tabşyrmaly.

Etrap tapgyry tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 9 — 14-i aralygynda geçirilýär. Geçen ýylda geçirilen olimpiadanyň her tapgyrlar boýunça netijesine laýyklykda, ýeňiji bolan okuwçylar ýeňiş gazanan tapgyryna görä, 2-nji integrirlenen olimpiadanyň degişli tapgyryna mekdep sanawyndan daşary göni gatnaşmaga hukuklydyr.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly 2-nji integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky düzgünnamasy hem-de geçirmegiň tertibi bilen giňişleýin şu salgyda tanyşyp bilersiňiz:
https://etut.edu.tm/news/87
https://etut.edu.tm/news/88

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99365330333, +99365878870,
+99363703520, +99365810810,

Elektron poçta: oguzzehin@gmail.com

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok