Ylymly nesil — ösüşiň berk binýady

Beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar.

Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bilen, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny gazanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilen milli maksatnamalaryň we giň gerimde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän mekdepler, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri gurulýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ýurdumyzda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Mähri MÄTÝAKUBOWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň fransuz
dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok