Türkmenistanyň Gahrymany älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi

Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça rekord goýmagyň hötdesinden geldi. 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen 00:00:20-de kosmos giňişliginde 1 müň gije-gündiz bolmak bilen dünýädäki ilkinji adam bolar. Kononenko bu ugurda bäş gezek kosmosa uçup, jemi 878 gije-gündiz 11 sagat 29 minut 48 sekundy geçiren russiýaly kosmonawt Gennadiý Padalkiden ozdurdy.

Kononenko häzir kosmosda bäşinji uçuşyny geçirýär, ol 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tamamlanmaly. Şol wagta çenli onuň açyk älemde bolan döwri 1110 gije-gündize deň bolar.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doguldy. 1988-nji ýylda Harkowyň Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyny tamamlady. 1996-1998-nji ýyllarda Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezinde türgenleşik geçdi. Ol ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde Halkara kosmos bekediniň esasy toparynyň düzüminde amala aşyrdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, instruktor-kosmonawt, «Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko iýun aýynda kosmos giňişliginde 60 ýaşyny bellär.

Toýlymyrat REJEPOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok