Iň gymmat metal altyn barada

Alymlaryň çaklamalary esasynda gelnen netijelere görä altyn ýer ýüzüne kosmosdan gelip düşen madda hasaplanýar. Kosmosdan ýa-da älem giňişliginden Ýer planetasyna gelip düşen asteroidleriň düzümi öwrenilende onuň düzüminde altynyň barlygy anyklanyldy. Arassa görnüşdäki altyn örän ýumşak material bolup ony el bilen hem deformirläp bolýar. Altynyň ýene-de bir aýratynlygy ony iýmit hökmünde peýdalanmak mümkindir. Altynyň tebigatda duş gelýän beýleki metallardan tapawudy daşky sredanyň ýagny suwuň, howanyň oňa täsiri ýetmeýänligidir.

Gadymy müsürde 6000 ýyl mundan ozal adamzat ilkinji gezek altyn bilen tanyşdy. Ilki ilkiler altyny bezeg hökmünde ulanyp başladylar. Häzirki wagtda bolsa altyn has köp maksatlar üçin ýagny, şay-sep hökmünde, medallar görnüşinde, teňňeler ýa-da monetalar görnüşinde, emeli ýasalan dişler görnüşinde, mikroelektroniki enjamlar ýasalanda çig mal hökmünde giňden peýdalanylýar. Altyn dünýäde köp döwletlerde kümüş bilen goşulyp ak altyn görnüşine getirilip ondan dürli görnüşli bezegler esasan hem zenanlar üçin şaý-sepler ýasalýar.

Häzirki wagtda dünýä bazarynda altynyň bahasy gün-günden ýokarlanmagyny dowam edýär. Her ýylda dünýädäki altynlaryň üstüne 2756 tonnadan 3307 tonna çenli altyn goşulýar we bu altynlaryň 30% -i Günorta Afrikadaky şahtadan gazylyp alynýar. Dünýäde altynynyň möçberi iň köp döwlet Hytaý diýlip hasaba alnandyr. 2023-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýda 2063 tonna altyn hasaba alyndy. Şanhaýdaky Altyn birjanyň hasabyna ýylyň-ýylyna Hytaýyň altyn gory artmagyny dowam edýär.

Arslan BABANAZAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok