Ukrainada turkmen talyp jiu-jitsu boýunça boýunça Harkow oblastynyň çempiony boldy

Ukrainanyň Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmen talyby Babageldi Halimow 90 kilogram agram derejesinde jiu-jitsu boýunça boýunça Harkow oblastynyň çempiony boldy.

Oblast çempionaty Ukrainanyň Milli Jiu-Jitsu söweş federasiýasy tarapyndan guraldy. Çempionat 19-40 ýaş aralygyndaky toparlary öz içine aldy. Bäsleşik oblastyň dolandyryş merkezi bolan Harkow şäheriniň sport toplumynda geçirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary, dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip bilim edaralarynyň sport we ylmy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok