Türkmen taryhynda Beýik ýüpek ýolunyň orny

Beýik Ýüpek ýolunyň şahalara bölünip gadymy türkmen topragynyň üstünden geçmegi bilen biziň gadymy şäherlerimiz bolan Nusaýda, Merwde, Amulda (Türkmenabat) söwda gatnaşyklary has hem ösdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow – gadymy ýüpek ýoly barada şeýle belläp geçýär: “Parahatçylygyň we dürli halklaryň medeniýetiniň goşulyşmagynyň ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň üstünden geçdi. Beýik ýüpek ýoly asyrlar boýy dünýäniň dürli milletlerini biri-biri bilen ysnyşdyryp, medeni sazlaşyga, işjeň duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam etmegine giň mümkinçilik beren halkara söwda ýoludyr.”

Bu halkara ýüpek – söwda ýoly Hytaýdan gelýän ýüpek ýoludyr. Beýik ýüpek ýolunyň ady hem şonuň bilen baglanşyklydyr. Bu at nemes geografy Ferdinand won Rithofen tarapyndan goýlupdyr. Beýik ýüpek ýolunyň uzynlygy 12 müň kilometre barabardyr. Ösen söwda merkezi bolan Ürgenç, Merw, Nusaý şäherleri bolupdyr. Gündogardan – demir önümçilik işleri, Günbatardan – aýna önümleriniň işini öwrenipdirler Beýik ýüpek ýolunyň merkezi bolan gadymy türkmen topragynda hem söwdanyň ösmegi taryhy maglumatlarda aýdyň subut edilýär. Gündogara – Hytaýa Orta Aziýadan ýüň matalary, halylary, şaý sepleri, tohum atlary iberipdirler. Hytaýdan bolsa ýüpek matalary, demir, nikel, sütükli derileri, çaý, kagyz ýaly harytlar getiripdirler. Söwda alyş-çalyşy giň gerime eýe bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşygy we hyzmatdaşlygy üçin söwda we medeni ugurlarda ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Merwiň diwanynyň başlygy Zeýneddin Seýit döwründe maliýe edarasynyň bolanlygyny, şol ýerde gozgalýan we gozgalmaýan emläkleriň, harajatlaryň hasaplarynyň ýöredilenligini, serişdeleriň harçlanşyna gözegçilik edilenligi, girdejileriň we çykdajylaryň hasabynyň ýöredilenligi barada taryhy maglumatlarda aýdyň subut edilýär.

Bägül KULUŞOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok