Melewşe ary

Ýer ýüzünde arylaryň 21 müňe golaý görnüşi bolup, olar biri-birinden biologiki aýratynlyklary boýunça tapawutlanýarlar. Iň owadan ary hasaplanylýan melewşe ary (latynça, Xylocopa violacea) Arylar maşgalasyna degişli bolan ýekelikde ýaşamagy halaýan görnüşdir.

Melewşe ary iri göwrümli mör-möjek bolup, onuň beden ölçegi 20-30 millimetr töweregidir. Bedeni gara, kükregi we kellesi gök reňkli, ganatlary bolsa garamtyl melewşe öwüsýär. Daşky keşbi iri siňegi ýada salýar. Tegelegräk görnüşli bedeni dykyz bedeni bar. Aýaklary ownujak tüýjagazlar bilen örtülen, şonuň esasynda hem tozan dänejikleriniň birnäçesini ýygnap bilýärler.

Melewşe ary tutuş tomus aýlarynda işjeň bolýar. Onuň iýmitlenişi edil beýleki arylaryň iýmitlenişine meňzeş. Örän çydamly, uzak aralygy uçup geçmäge ukyply. Öz höwürtgesinden 11 kilometre çenli uzaklyga uçup bilýär. Bu görnüşiň urkaçy osoblary ösümlikleri tozanlandyryjylardyr. Guran agaçlaryň sütünlerinde, gury köklerde ýaşaýar. Bu ary çaksa, örän güýçli agyry peýda bolýar. Melewşe ary ýagyş ýaganda hem uçup bilýär.

Melewşe ary Ýewropanyň günorta böleklerinde, Krym, Kawkaz, Türkiýe, Alynky Aziýa ýerlerinde, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika, Merkezi Aziýada sebitlerinde duş gelýär. Ýaşaýan ýerlerinde gaty seýrek duş gelýändigi sebäpli käbir döwletleriň Gyzyl kitabyna girizilendir. Guran agaçlaryň köpçülikleýin ýygnalmagy netijesinde bu arynyň sany azalandyr.

Sona AWIŞEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok