Seýitjemaleddin metjidi

Türkmenistanyň ýadygärlikleri dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Şeýle ýadygärlikleriň biri-de gadymy Seýitjemaleddin metjididir. Bu ýadygärlik Horasanda teýmirleriň neslinden bolan Abul Kasym Baburyň dolandyran döwründe XV asyrda gurulýar. Bu metjit özüniň daşky gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpsüni haýran galdyrdy. Emma, gynansak-da, orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasy bolan bu metjidiň binalaryna 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan ýer titremesi öz zyýanyny ýetiripdir. Ýöne ýer titremesi binany ýykanam bolsa, bu ýerde birnäçe taryhy ýadygärliklere baý bolan binalaryň bölekleri saklanyp galypdyr. Bu ýadygärlik 1948-nji ýyla çenli küşt düzüm tertibi görnüşinde ýerleşýän üç göwrümi emele getirýärdi. Çeper döredijilik bezegi bu gurluşygyň merkezi böleginde bolup, ol metjidi emele getirýärdi, onuň merkezi oky günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara dogurlanýarwe metjidiň mähraby kybla tarapa bakyp durdy. Metjidiň içi dörtburçly bolup, taraplarynyň ölçegleri 10, 50 m, üsti gümmez şekilli bolup, howly tarapa açylýan uly aýlawly örüm we esasy girelge peştagy bolupdyr. Diwaryň aşaky hatarynda esasy girelgäniň garşysynda mährap ýerleşipdir. Mährabyň iki gapdalynda syrdam tagçalarda gapy ýeri, ýokarky hatarda ýene-de tagçalarda penjire ýerleri goýlupdyr.

Bu ýadygärlik dört desgadan — metjitden, onuň öňündäki kümmetiň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan ybaratdyr. «Seýitjemaleddin metjidi» ady bilen belli bolan bu ymarat 17 otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli, her tarapy 10,5 metre barabar bolan otag ýerleşipdir. Otagyň diwarlary üç bölege bölünipdir. Metjidiň demirgazyk tarapdan howlusyna çykylýan giň eýwan bolupdyr.

Bu bina halkyň agzybirligini has-da pugtalandyrmakda uly orun tutupdyr. Bişen kerpiçden bina edilen metjit toýun, mozaika we syrça bilen kemsiz bezelipdir. Metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylypdyr. Onuň girelgesiniň mozaika bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bar. Onuň öň tarapyndaky aždarhanyň şekillendirilişiniň nusgasy Merkezi Aziýanyň binagärlik sungatynda başga ýokdur. Bu metjit hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem bolupdyr.

Malika ŞÖHRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok